Döwrebap binalar diňe bir estetikany däl, eýsem, amatlylygy hem talap edýär. «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti bu iki talaby özünde jemleýän çözgüdi – alýumin fasad lamellelerini hödürleýär. Ol Gün şöhleleriniň täsirini azaltmak we fasadlara özüne çekiji görnüş bermek üçin niýetlenen bu innowasion binagärlik serişdesidir.
Näme üçin fasad lamellelerini saýlamaly?
Alýumin lameller yşyklandyryş derejesini sazlamak üçin binanyň fasadyna berkidileýän ýörite panellerdir. Olaryň esasy wezipesi binany aşa gyzmakdan goramak we jaýyň içinde amatly mikroklimat döretmekden ybaratdyr. Bu esasanam tomus aýlarynda we uly penjireli binalar üçin has möhümdir.
Fasad lamelleleriniň artykmaçlyklary:
- Günden gelýän ýylylygy azaltmak arkaly otagy sowatmak boýunça çykdajylary azaltmak;
- Edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda şöhläniň serpikmegini hem-de artykmaç ýagtylygy aradan aýyrmak;
- Binanyň häzirki zaman binagärlik stiline ünsi çekmek mümkinçiligi;
- Aýratyn çemeleşmeler – lameller fasadyň aýratynlyklary, desganyň ýerleşýän ýeri we dizaýnerlik çözgütleri göz öňünde tutulyp döredilýär.
Gurma işleri ygtybarly berkidijileri we ugrukdyryjy gurluşlary ulanmak arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa onuň berkligini we özüne çekiji görünmegini üpjün edýär.
«Maksatly Türkmenden» beýleki çözgütler:
Şeýle hem kompaniýa gurluşyk we timarlaýyş çözgütleriniň giň toplumyny hödürleýär:
- PWH we alýumin penjire we gapy ulgamlary: nusgawydan başlap, panoramaly we çarçuwasyz görnüşler;
- Awtomatlaşdyrylan gabsalar we dürli görnüşli žalýuziler;
- Germewler, aýnadan duş kabinalary, tutawaçlar we jaýyň içki bezegi üçin beýleki elementler;
- Binalar üçin awtomatiki gapylar, zolakly derwezeler we beýleki tehnologiki çözgütler.
Habarlaşmak üçin:
- Aşgabat, G.Kuliýew, 28-nji jaý
- 75 41 11 | 19 41 11 | 59 53 33 | 14 53 33
- Sosial ulgamdaky sahypa
