«Ak bulut» Hojalyk jemgyýeti Dostluk şäheriniň golaýyndaky känlerden alnan ýokary hilli tebigy gips daşynyň esasynda gipsokarton we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýär. Bu ýerli gazylyp alynýan serişdeler arassalygy we aýdyňlygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa uzak möhletleýin durnukly önümçiligi üpjün edýär.
Kompaniýa gips esasyndaky gurluşyk serişdeleriniň üç esasy görnüşini çykarýar. Üst gatlagy üçin ýörite taýýarlanan Ak bulut Siva gruntlama şpatlýowkasy esasy timarlaýyş gatlaklary örtülmezden öň suwalan ýeriň üstüni deňlemek, esasyny berkitmek we birleşmegi gowulandyrmak maksady bilen ulanylýar.
Ak bulut Saten arassa görnüşdäki şpatlýowka iň soňky iň uşak üwelen we ýokary çeýelige eýe bolan şpatlýowka bolup, ol boýag, oboý ýa-da bezeg üçin suwalan ýerleriň tekizligini emele getirmäge niýetlenendir. Bu gatlak iň inçe galyňlykda ýylmamak üçin ulanylýar.
Ak bulut Kartonpiyer görnüşi bolsa tebigy gips daşyny 130–180°C temperaturada ýakmak bilen taýýarlanylýan gurluşyk gipsidir. Bu materialyň tiz guramak ukyby, ony gipsokartonlaryň aralaryny doldurmakda, elektrik simlerini berkitmekde, maýaklary oturtmakda we kiçi boşluklary doldurmakda örän täsirli netije berýär.
«Ak bulut» HJ tarapyndan öndürilýän ähli önümler ISO halkara standartlaryna we tehniki howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýär. Tebigy ýerli çig malyň ulanylmagy kompaniýanyň gurluşyk materiallarynyň we önümleriň ekologiki taýdan arassa we ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 754243 / 754244
(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +99362 14 00 44
Baş edarasy we sergi otagy:
Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, j. 29/1, 3-nji gat
Önümçilik merkezi:
Asma potoloklar we profil ulgamlary üçin zawod we ammary – Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby;
Gipsokarton, BOARDLINE panelleri we gury gurluşyk garyndylary üçin zawod we ammary – Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň etegi.
