Turkmenportal logo
28.07.25
2402224022
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda howa +43 gradusa çenli yssy bolar, az-kem ýagyş ýagar

Şu hepde Türkmenistanyň sebitlerinde howanyň +43 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:


Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+25 gradusdan +28...+30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37...+39 gradusdan +40...+42 gradus aralygynda yssy bolar.


Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+27 gradusdan +26...+31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37...+42 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33...+38 gradus yssy bolar.


Ahal welaýatynda az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26 gradusdan +25...+30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+40 gradusdan +38...+43 gradus aralygynda yssy bolar.


Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26 gradusdan +24...+29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39 gradusdan +37...+42 gradus aralygynda yssy bolar.


Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25 gradusdan +23...+28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38 gradusdan +36...+41 gradus aralygynda yssy bolar.


Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24 gradusdan +22...+27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36 gradus maýyldan +34...+39 gradus aralygynda yssy bolar.