Ozal habar berşimiz ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we bilim edaralarynyň bilelikde guramagynda türkmen-amerikan kitap sergi-ýarmarkasy geçirildi.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen çäräniň maksatnamasynda sowatlylygy wagyz etmek, bilim gorlaryna elýeterliligi giňeltmek we ýaşlaryň başlangyçlaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Sergi-ýarmarkanyň açylyşynda gutlag sözi bilen çykyş eden ABŞ-nyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud diplomatik gullugyň ýaşlaryň bilim we medeni mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen başlangyçlary uly höwes bilen goldaýandygyny belledi. Ilçi çärä ýygnananlara iki dilde — iňlis we türkmen dillerinde gutlag sözi arkaly ýüzlenip, «Sizi Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bilelikde baýram edýändiginiň nyşany bolan bu çärede görýändigimize örän şat» diýdi.
Çäräniň dowamynda ilçihananyň işgärleriniň we myhmanlaryň gatnaşmagynda çeper okaýyşlar, interaktiw gurnaklar guraldy, çagalaryň surat çekmekleri, kitaplar bilen tanyşmaklary, akyl işjeňligini ösdürýän oýunlary oýnamaklary hem-de meýletinçiler bilen söhbetdeş bolmaklary üçin döredijilik burçy döredildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde guralan iňlis diliniň dürs ýazuwy boýunça «Spelling Bee» bäsleşigi aýratyn gyzykly boldy. Oňa gatnaşyjylar sözleri dogry we çalt aýtmakda bäsleşmek bilen, iňlis dili boýunça başarnyklaryny görkezdiler.