Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
Resminama milli taryha we medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, şeýle hem «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.
