Amatly dynç alyşy guramakda ýöriteleşen «Döwletli Çynar» syýahatçylyk kompaniýasy Mary şäherinde işlemek bilen, Türkmenistanyň raýatlary üçin dürli syýahatlary guramaga ýardam edýär. Kompaniýa şahsy we toparlaýyn syýahatlar bilen bir hatarda kenarýaka dynç alyşy, jahankeşdelik syýahatlaryny we beýleki ugurlar ýaly toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär.
Kompaniýanyň esasy hyzmatlary:
- Wizalary we syýahatçylyk resminamalaryny resmileşdirmek;
- Uçar biletlerini we myhmanhanalaryny sargyt (bron) etmek;
- Syýahatyň şahsy ugurlaryny işläp taýýarlamak;
- Toparlaýyn syýahatlary gurnamak;
- Ugurlary saýlamak boýunça hünärmeniň maslahatlaryny bermek.
«Biz elmydama müşderilerimiziň ähli isleglerini göz öňünde tutup, syýahatlar üçin mümkin boldugyça amatly şertleri hödürlemäge çalyşýarys» — diýip, kompaniýanyň wekilleri belleýärler.
«Döwletli Çynar» syýahatçylyk kompaniýasynyň edarasy Mary şäherinde şu salgyda ýerleşýär: Bagtyýarlyk köçesi 52A (öňki Atabaýew), Ojar Aziýa binasy, 1-nji gat. Kompaniýanyň hünärmenleri islendik çylşyrymlylykdaky syýahaty gurnamakda kömek bermäge taýyndyr we meýilleşdirmekden öýe dolanyp gelýänçä ähli tapgyrlarda goldaw berýärler.
Habarlaşmak üçin:
telefonlar: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
sosial ulgamdaky sahypasy.
