Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine hem baryp gördi we ol ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleri ýokary depginlerde dowam edýär. Dürli medeni çäreleriň, aýratyn-da, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, dürli öwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäräniň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrar.
«Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni köprüleri has-da pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmaga ýardam berer» diýip, Gahryman Arkadag belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýerine ýetirilýän işlere ylmy taýdan çemeleşilmelidigini hem-de türkmen halkynyň «Ýedi ölçäp, bir kes!» diýen pähiminden ugur alynmalydygyny belledi we bu ýerde geçiriljek dabaralaryň foruma gatnaşmaga gelýän myhmanlara ýatda galyjy pursatlary paýlamalydygyny aýdyp, degişli maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadag halkara forumyň ähmiýeti barada aýdyp, ýerine ýetirilýän işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň, hususan-da, bu ýerde awtoduralgalaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi we şunda wajyp ugurlara ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem bu ýerde guraljak milli tagamlaryň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy we öwüt-nesihatlaryny berdi.
