Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Mahym Atakowa Kaliningradda ýerleşýän Tretýakow galereýasynyň şahamçasy tarapyndan gurnalan «Dünýäniň suraty» atly halkara sergi-bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna çykdy.
Talybyň «Turkmenportal» neşirine beren maglumatyna görä, bäsleşige Russiýadan, Hytaýdan, Türkmenistandan, Liwiýadan, Senegaldan, Gazagystandan, Kongo Demokratik Respublikasyndan, Ugandadan we başga-da birnäçe döwletden ýaş suratkeşler gatnaşdylar. Bäsleşige jemi 65 ýurtdan 1447-den gowrak surat işleri hödürlenildi.
Bäsleşik 18–35 ýaş aralygyndaky suratkeşleriň arasynda «Meniň halkymyň gymmatlyklary adamzadyň dünýä medeniýetiniň bir bölegi hökmünde» ady bilen üç ugurda geçirildi: nakgaşlyk, grafika sungaty we sanly sungat.
Mahym Atakowa Şekillendiriş sungaty fakultetiniň «Grafika» kafedrasynda «Kitap grafikasy» hünäri boýunça okaýar we bäsleşige özüniň «Süýji uky», «Janly taryh» we «Bagtyýar çagalyk» diýen üç işi bilen gatnaşdy.
.jpg)
.jpg)

«Süýji uky» we «Janly taryh» atly iki eseri häzirki wagtda ABŞ-da sungata höwes bildirýän hususy kolleksiýa eýesiniň toparynda saklanylýar.
.jpg)
Türkmen suratkeşiniň işleri düýpli saýlama tapgyrlardan geçdi — ilki bilen bäsleşigiň iň gowy 100 işine girizildi, soňra eminler tarapyndan jemleýji tapgyra gatnaşjaklaryň 50-siniň hataryna saýlanyp alyndy. Mahym Atakowa «Dünýäniň suraty» atly 2025-nji ýyldaky ýaş suratkeşleriň halkara bäsleşiginiň iň gowy 50 sungat işiniň biriniň awtory hökmünde şahadatnama mynasyp boldy.
