Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň döwlet Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk we uly üstünlikler, şeýle hem Özbegistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň aprel aýynda Samarkantda geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy.
Söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösýändigini, pudaklar we işewürler derejesinde hyzmatdaşlygyň çuňlaşýandygyny, şeýle-de işjeň medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlaryň dowam edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplar halkara gün tertibi barada durup geçip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
