Maňlaý-çekge demensiýasyndan ejir çekýän kino ýyldyzy Brýus Uillis geplemegini, ýöremegini bes etdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan «Tribune» neşiri habar berdi.
Habarda aktýoryň düýbünden gürlemeýändigi we ýakyn adamlar bilen gürleşip bilmeýändigi aýdylýar, onsoňam onda hereket etmek babatda kynçylyklar döräpdir. Emma maşgalasy bu habary tassyklamady hem-de eýýäm birnäçe aý bäri onuň özüni duýşy barada hiç hili habar bermedi.
Soňky gezek aktýoryň golaý adamlary žurnalistler bilen aprelde söhbetdeş boldular. Şonda olar Uillisiň ýagdaýyň durnuklydygyny habar berdiler.
2023-nji ýylda Brýus Uillisde maňlaý-çekge demensiýasy hasaba alyndy. Aýaly onuň heniz garry däl hem bolsa, şeýle kesele duçar bolandygyna ynanmagyň kyndygyny aýtdy.
