Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» futbol kluby Makedoniýanyň «Başkimi» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda 1:1 hasaby bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk türkmen toparynyň Bolgariýadaky türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirildi.
.jpg)
Makedoniýanyň «Başkimi» futbol kluby geçen möwsümde Makedoniýanyň futbol boýunça ikinji diwizionynda çykyş etdi. Täze möwsümde klub Makedoniýanyň Birinji ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Mundan ozal Wladimir Baýramowyň futbolçylary Rumyniýanyň «Politehnuka Ýassy» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Türkmen topary bu oýunda garşydaşyndan 1:2 hasabynda utuldy.
«Arkadagyň» türgenleşik ýygnanyşygy 31-nji iýula çenli dowam eder.
2025-nji ýylyň güýzünde türkmen kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşar. Toparçalaýyn ýaryşyň bije çekilmesini geçirmek 15-nji awgustda meýilleşdirilýär.
