«Kämil Hukukçy» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda şahsy taraplara, edaralara hem-de kompaniýalara ýokary derejeli ýuridiki goldawy hödürleýär. Onuň işiniň esasy ugurlary kazyýetden öňünçä maslahat beriş, kazyýet işlerinde doly goldaw bermek, şeýle hem kärhanalara ýuridiki taýdan ýardam etmek ýaly hukuk kömeklerini öz içine alýar.
Hojalyk jemgyýetiniň hukukçylary jedelleri çözmegiň ähli tapgyrlarynda — maslahat bermekden we resminamalary taýýarlamakdan başlap, kazyýete wekilçilik etmäge hem-de kararlaryň ýerine ýetirilişine çenli hukuk kömegini berýärler. «Kämil Hukukçynyň» hünärmenleri kazyýet işinden öň hem gepleşikleriň we mediasiýanyň esasynda dürli jedellere gözegçiligi ýerine ýetirýärler.
Hojalyk jemgyýeti guramalaryň we işewürlik gurluşlarynyň işi üçin esaslandyryş we içerki resminamalary taýýarlamak, şertnamalary taýýarlamak, ýuridiki audit, zähmet gatnaşyklaryny goldamak, şeýle hem salgyt we beýleki döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklar ýaly toplumlaýyn hukuk goldawyny hödürleýär.
Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ýokary hilli hyzmatlaryň doly derejede goragly we kepillikli ýerine ýetirilmegini esasy ähmiýet berilýän ugur hökmünde belleýärler. «Kämil Hukukçynyň» esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda — tejribeli hünärmenler, hünär etikasynyň ýokary derejesi, baý halkara we milli tejribe, şeýle hem her bir müşderä özbaşdak çemeleşmek bar.
- «Kämil Hukukçy» HJ bilen: +993 71 100220, +993 71 100222 telefon belgileri ýa-da kamilhukukchy1@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
- Hojalyk jemgyýetiniň ofisi Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: Atamurat Nyýazow şaýoly, 174-nji jaý, TSTB-niň esasy binasynyň 0-njy gaty.
«Kämil Hukukçy» — Siziň hukuk galkanyňyz we diregiňiz!»
