Daşary ýurtly bloger Finbarr Fallon Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» halkara sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny surata düşürmek üçin dikuçarda uçuş amala aşyrdy.
Bloger türkmen pawilýonynyň arhitekturasyna haýran galyp, onuň agşamky görnüşini surata düşmek üçin ikinji uçuşy amala aşyrdy.

«Men şu gün Osakada Ekspo sergisini bu kiçijik «R22» dikuçarynda asmandan surata alýaryn – ol örän ýeňil öwrüm edýär, ajaýyp görnüşi we kameram üçin kiçijik penjiresi bar» diýip, Finbarr Fallon wideosynda gürrüň berdi.
Türkmenistanyň pawilýony özboluşly bezeg aýratynlyklary we ajaýyp binagärlik keşbi bilen blogerde aýratyn täsir galdyrdy.
«Türkmenistan kadra girýär. Ol bezeg aýratynlyklary we binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar» diýip belledi.
Gören zatlaryndan ylham alan Finbarr Fallon durup bilmedi we agşam ýagtylykda pawilýony surata düşürmek üçin ýene bir uçuşy amala aşyrdy.
«Gün ýaşandan soňam görmek üçin ikinji uçuşy amala aşyrdym. Ine, onuň yşykly keşbi» diýip, bloger öz täsirlerini paýlaşdy.

Fallonyň bellemegine görä, dikuçarda ähli sergi meýdançalaryna aýlananda hut türkmen pawilýony ony aýratyn özüne çekdi.
«Ekspo sergisiniň ähli ýerini uçup geçdim, bu hakykatdanam özüne çekiji. Sergä baryp görseňiz, ony deňiňizden geçirmersiňiz» diýip belledi.
