Turkmenportal logo
21.07.25
2461224612
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hüjümçisi Denis Titow «Rostow» klubynyň RPL 2025/26 möwsüminiň düzümine goşuldy

Türkmen futbolçysy Denis Titow «Rostow» klubynyň Russiýanyň premýer ligasynyň 2025/26 möwsümindäki oýunlaryna gatnaşjak oýunçylaryň düzümine goşuldy.


18-nji iýulda hüjümçi Moskwanyň «Dinamo» komandasyna garşy ýaşlar futbol ligasynyň (ÝFL) oýnuna gatnaşdy, bu duşuşyk 2:0 hasabynda rostowlylaryň ýeňşi bilen tamamlandy.


Häzirki wagtda Titowyň «Rostow» klubynyň ýaşlar toparyndaky hasabynda 5 goly we 1 netijeli geçiren topy bar.


«Rostow» futbol kluby Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi bilen şu ýylyň ýanwar aýynda şertnama baglaşdy.