BMG-niň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjaklar üçin LLDC3 ýörite ykjam goşundysy işlenip düzüldi we işe girizildi, bu goşundy olary ähli zerur bolan maglumatlara elýeterliligi üpjün etmäge niýetlenendir.
Ykjam goşundynyň giňişleýin mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar, onuň üsti bilen forumyň doly maksatnamasy bilen tanyşyp bolýar, üýtgeşmeler barada bildirişleri alyp bilerler, çykyş edýänleriň terjimehallaryna we mejlisleriň giňişleýin tertibine göz aýlap bilerler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Onuň içine oturdylan anyk karta bolsa maslahatyň geçýän ýerini giňişleýin açyp görkezýär, şeýle hem gatnaşyjylar barada maglumatlary özünde saklaýar.
Ykjam goşundyny iOS we Android platformalary üçin elýeterli bolup, ony maslahatyň resmi saýtyndaky QR-kod arkaly ýükläp bolýar.
Eger LLDC3 ykjam goşundy ozal ýüklenen bolsa, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna girmek menýunyň «Ýene», ondan soň bolsa «Meniň beýleki çärelerim» düwmeleri arkaly amala aşyrylýar.
Ýatlatsak, BMG-niň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 4–8-nji awgust aralygynda geçiriler.
