Turkmenportal logo
20.07.25
2868628686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saud Arabystanynda 20 ýyl bäri komada ýatan şazada aradan çykdy

Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Al-Walid ibn Haled al Saud aradan çykdy. Ol mundan 20 ýyl agyr ýol-ulag hadysasynda beýnisine gan inmegine getiren güýçli kelleçanak-beýni şikesini alyp, koma düşdi. Şol wagt ol 16 ýaşyndady.


Lukmanlar Al-Walidiň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine umydyň ýokdugyny maşgalasyna habar berdiler, emma onuň kakasy ogluny emeli ýaşaýyş üpjünçiligi enjamyndan aýyrmagy gadagan etdi.


Aradan 20 ýyl geçenden soňra, 2025-nji ýylyň 19-njy iýulynda şazadanyň ýüregi durdy diýip, «Sabg» portalyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.