Ýakynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulag institutynyň hem-de «Kaspi ylmy žurnaly» atly ylmy neşiriň bilelikde yglan eden «Iň gowy ylmy makala — 2025» atly halkara ylmy-barlag işleriniň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.
Bäsleşik psihologiýa, pedagogika, tehnosfera howpsuzlygy, maglumat tehnologiýalary ugurlary boýunça geçirilip, oňa Russiýanyň, Hytaýyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de bilim edaralarynyň mugallymlarydyr talyplary we ylmy işgärleri tarapyndan 50 töweregi ylmy işler hödürlenildi. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, uniwersitetiň mugallymlary G.Gurbanowa, A.Hajyýewa, M.Meretdurdyýew, Ý.Işanowa we S.Orazowa «Psihologiýa. Pedagogika» ugry boýunça iň gowy ylmy makalalaryň awtorlary diýlip yglan edildi.
Tapawutlanan işler «Kaspi ylmy žurnalynyň» ylmy neşirinde çap edilmäge we РИНЦ (Российский индекс научного цитирования) maglumat binýadyna ýerleşdirilmäge hödürlenildi.
