Turkmenportal logo
16.07.25
3608936089
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dilkent goşundysy türkmen ulanyjylaryna emeli aň arkaly iňlis dilini öwrenmegi teklip edýär
Dilkent goşundysy türkmen ulanyjylaryna emeli aň arkaly iňlis dilini öwrenmegi teklip edýär

Türkmenistanyň çäginde täze işlenip taýýarlanan Dilkent ykjam goşundysy döredildi, ol ulanyjylara iňlis dilini amatly we elýeterli usulda öwrenmekligi teklip edýär. Goşundynyň esasy aýratynlygy – iňlis diliniň sözleriniň dogry we dürs aýdylyşyny ösdürmek we grammatikanyň düzgünleri boýunça endikleri berkidip bilýän emeli aň tehnologiýasynyň ulanylmagydyr.


Özbaşdak öwrenmek — Self-Learning usulyna esaslanýan Dilkent ykjam goşundysy okuwy islendik wagt geçmäge mümkinçilik berýär. Her sapakda tematiki tabşyryklar, kiçi-ýumuşlar (mini-testler), peýdaly maslahatlar we interaktiw türgenleşik sapaklary bar. Her sapagyň ahyrynda neýroset tarapyndan döredilen iňlis dilindäki sözleriň dogry we dürs aýdylyşy boýunça maslahatlar berilýär.



Okuwa başlamak üçin Google Play ýa-da App Store arkaly ykjam goşundyny ýükläp, başlangyç sapaklary mugt geçmek elýeterli edilendir. Doly okuwa ýazylmak tölegli ýagdaýda elýeterlidir — onuň her aý üçin tölegi 100 manat. Okuwyň maksatnamasy tamamlanandan soň ulanyjylar jemleýji synagy tabşyrýarlar we okuwyň halkara şahadatnamasyna eýe bolýarlar. Mundan başga-da, has işjeň gatnaşyjylar her aýda reýting sanawyna girýärler we dürli sylaglara mynasyp bolýarlar.



Dilkent aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär:


  • Okuwda doly özbaşdaklyk;
  • Okuwyň 24/7 ulgamynyň elýeterliligi;
  • Dogry we dürs aýdylyş üçin emeli aňyň kömegi;
  • Okuwyň netijesi boýunça şahadatnama;
  • Has işjeň gatnaşanlar üçin ýörite bonuslar we sowgatlar.

Goşundy dürli ýaşdaky we hünärdäki ulanyjylara — talyplardan başlap, bilim, iş ýa-da syýahat üçin dil boýunça ukypdyr başarnyklaryny ýokarlandyrmak ýa-da kämilleşdirmek isleýänlere çenli niýetlenendir.



Taslamanyň şygary: «Iňlis dili – islendik wagtda, islendik ýerde!» — Bu ýörelge iňlis dilini öwrenmek isleýän her bir adam üçin ony elýeterli we netijeli etmekde onuň esasy maksadyny görkezýär.