Ozal habar berşimiz ýaly, 11-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 38 milliard 991,4 million kub metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 5,1 göterim, benziniň öndürilişi 2,8 göterim, mazudyň öndürilişi 13,6 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 9,2 göterim artdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurtda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,8 göterim berjaý edildi.
Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etmegi, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi dowam etmegi tabşyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
