Turkmenportal logo
10.07.25
2415224152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň birinji ýyl talyplary Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinde tejribe geçýärler
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň birinji ýyl talyplary Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinde tejribe geçýärler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň birinji ýyl talyplary Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinde önümçilik tejribeligini geçýärler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berýär.


Tejribeligiň barşynda talyplar ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty bilen tanyşýarlar, hususan-da, Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty boýunça 2021–2025 ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we «Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty hakynda» kanuna laýyklykda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýarlar.


Halypa mugallymlar häzirki döwrüň talabyna laýyklykda giň dünýä garaýşy bolan, birnäçe daşary ýurt dilini bilýän we häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegiň ähmiýetini aýratyn belleýärler.


Mundan başga-da, önümçilik tejribeliginiň çäklerinde talyplar Ýaşlar guramasy tarapyndan taýýarlanan telewizion gepleşiklere hem gatnaşdylar – diýip, çeşmede bellenilýär.