Turkmenportal logo
07.07.25
2553025530
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmen Berk–Metal» hyzmatdaşlyga çagyrýar: Türkmenistanda dilerlik ulgamyny giňeldýär

Distribýutorlar üçin amatly şertler: «Türkmen Berk–Metal» hyzmatdaşlyga çagyrýar


Türkmenistanda tämizleýji serişdeleri öndüriji «Türkmen Berk–Metal» hususy kärhanasy hyzmatdaşlyk ulgamyny giňeldýändigini habar berýär we ýerli telekeçilere amatly hyzmatdaşlyk şertlerini hödürleýär.


Kompaniýa «Emaý», «Güneş» we «Arýa» brendleri astynda ýylda 50 000 tonna çenli önüm, şol sanda kir ýuwujy serişdeleri, tegmil aýryjylary we ýöriteleşdirilen tämizleýji önümleri öndürýär.


Kärhana döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa önümleriň ýokary hilini we netijeliligini kepillendirýär. «Türkmen Berk–Metal» dilerlik ulgamyny ösdürmegi maksat edinýär we müşderilere ygtybarly hojalyk himiýa serişdelerini hödürleýän dükanlara harytlaryň lomaý üpjünçiligini teklip edýär.


Hyzmatdaşlygyň şertlerini anyklamak üçin aşakdakylara ýüz tutup bilersiňiz:


  • salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • elektron poçta: tberkmetal@gmail.com;
  • web-saýt: turkmenberk-metal.com.