BVS Construction Limited kompaniýasy (Gonkong) türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
Gutlag hatynda gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçylygy 2025-nji ýylyň Bitaraplyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtap, onuň Türkmenistanyň parahatçylyk, durnuklylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny belleýär.
BVS Construction Limited kompaniýasynyň wekilleri Arkadag şäherindäki şähergurluşyk ösüşiniň ýokary derejesini aýratyn belläp geçdiler we öňdebaryjy pikirleriň durmuşa geçirilmegine haýran galandyklaryny beýan etdiler. Kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň bellemegine görä, bu taslama «akylly şäheriň» nusgasy bolup, binagärligiň belent ussatlygy bilen durnukly ösüşiň innowasion tehnologiýalarynyň sazlaşykly utgaşmasyny görkezýär.
«Bu täsin taslama diňe bir täze halkara ülňüleri kesgitlemän, eýsem tutuş ýurt boýunça iň täze tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagyna güýçli itergi berýär» — diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.
Kompaniýa şeýle hem Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli gatnaşyklara, dünýä liderleri bilen geçirilýän duşuşyklara ýokary baha berdi.
Gutlag hatynda Magtymguly Pyragynyň öçmejek şygyryýetinde jemlenen türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna bolan wepalylyga aýratyn üns berilýär. BVS Construction kompaniýasynyň belleýşi ýaly, beýik akyldaryň wasp eden pähim-paýhasy, ynsanperwerliligi we watançylygy döwlet işiniň ahlak ýol görkezijisidir.
Gutlagyň ahyrynda kompaniýanyň ýolbaşçylary türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan-saglyk, tükeniksiz gujur-gaýrat, uzak ömür we Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, ýurduň ýagty geljegine ugrunda paýhasly ýolbaşçylykda amala aşyrylýan ösüş ýolunyň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.
