Turkmenportal logo
25.06.25
2829628296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


Rusiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikler geçirildi.


Ozal habar berşimiz ýaly, RF-iň daşary işler ministri saparyň dowamynda Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördi hem-de «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desselerini goýdy.