Turkmenportal logo
24.06.25
2100121001
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AÖB-iň karz serişdeleriniň hasabyna Aşgabatda Lukmançylyk orta okuw mekdebi gurlar

Aşgabat şäherinde Aziýa ösüş bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna täze Lukmançylyk orta okuw mekdebi gurlar.


Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, tegelek stol maslahaty tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Merkezi Banky bilen AÖB-iň arasynda Aşgabatda Lukmançylyk orta okuw mekdebini gurmak taslamasyna karz serişdelerini bermek baradaky ylalaşyk Teswirnamasyna gol çekildi.


Ýeri gelende ýatlatsak, şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.