Turkmenportal logo
21.06.25
5070150701
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Emeli aň tarapyndan döredilen ilkinji doly göwrümli film Çingiz hana bagyşlanar
Surat: News.mail.ru

26-njy iýunda rus prokatyna tutuşlygyna emeli aň tehnologiýasy tarapyndan döredilen «Çingiz han» atly doly göwrümli çeper film çykar. Ýaş rus režissýorlarynyň bu eseri eýýäm Kann we Moskwa kinofestiwallarynda iki sany abraýly baýraklary aldy diýip, «News.mail.ru» habar berýär.


Filmiň esasynda Wiktor Slipençugyň adybir poemasy ýatýar, Çingiz hanyň döwrüni ekranda janlandyrmak üçin 15 sany dürli emeli aň programmalaryndan peýdalanyldy.


Filmiň önümçiligi bir ýyl dowam etdi. Döredijilik toparynyň aýtmagyna görä, innowasion çemeleşmedigine seretmezden, täze film edebiýat eseri esasynda düşürilen doly bahaly çeper filmdir.