Turkmenportal logo
20.06.25
2418124181
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Mingazow Gonkongyň «Kitçi» topary bilen şertnamasyny uzaltdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň «Kitçi» futbol kluby bilen şertnamasyny 2026-njy ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada «Türkmenistanyň futboly hakynda» atly Telegram kanaly habar berýär.


33 ýaşly futbolçy bu kluba 2022-nji ýylyň aprel aýynda geçipdi. Şu döwürde ol ähli ýaryşlarda 68 oýna gatnaşyp, 34 gol geçirdi hem-de 23 goluň geçirilmegine netijeli ýardam bermek bilen tapawutlandy.


Transfermarkt portalyndaky maglumatlara görä, Mingazow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 30 oýna gatnaşyp, 6 gol geçiripdir. Häzirki wagtda onuň transfer (bir topardan başga topara geçendäki) bahasy 200 müň ýewro diýlip bahalandyrylýar.


Geçen möwsümde «Kitçi» topary Gonkongyň çempionatynda 4-nji orny eýeledi.