Tawuslar Angliýadaky obany «basyp aldy» we adamlaryň awtoulaglaryna zeper ýetirýärler. Bu barada «Daily Star» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Kornuoll graflygyndaky Gulwal obasynda tawuslaryň giden sürüsi, ýagny 30 sanysy peýda boldy, olar mundan ýigrimi ýyl öň ýerli mülkden erkinlige goýberilen ýa-da gaçgak guşlardyr. Bu owadan guşlar ýerli landşaftyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, emma olar diňe bir gözelligi bilen haýran galdyrman, ýerli ýaşaýjylaryň gaharyny-da getirýärler.
Tawuslar öýleriň howlularynda häli-şindi peýda bolup, öz al-elwan öwüsýän guýruklaryny giňden açyp, üçeklere münýärler, gelýän awtoulaglara barmysyň hem diýmän, köçäniň ortasynda uzak wagtlap butnaman durýarlar. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, olae diňe bir öýleriň ýanyndaky mellekleri basgylaman, awtoulaglaryň ýüzünde öz keşplerini görüp hüjüm edip, ulaglara zeper ýetirýärler.
