Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň «Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi» atly okuw gollanmasy neşir edildi.
Köpýyllyk žurnalistika we mugallymçylyk iş tejribesine esaslanyp taýýarlanylan gollanma bu awtoryň žurnalistiň döredijilik işiniň özenini düzýän ugurlar: maglumaty gözlemegiň, saýlap-seçmegiň, seljermegiň we hemmetaraplaýyn akyl ýetirmegiň, döredijilik taýdan gaýtadan işlemegiň usullary ýaly ugurlar boýunça bilimleri bermeklik göz öňünde tutulan «Žurnalistikanyň döredijilik işiniň esaslary», «Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti», şeýle hem, bazar şertlerinde hereket edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti, menejmenti we marketingi boýunça maglumatlar ýerleşdirilen «Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti» hem-de redaksiýalaryň hereket etmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolan mahabat işiniň düýp manysy, onuň aýratynlyklary hem-de guralyşy bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilip, mahabatyň ähmiýetine, onuň görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilýän «Mahabatyň esaslary» ýaly ozalky okuw kitaplarynyň üstüni ýetirdi.
«Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi» atly okuw gollanmasynda makalalaryň žanrlar toparlaryna gysgaça düşündiriş berilmegi, interwýu alnyşy, makalanyň ýazylyşy, makalany tiz ýazmagyň ýollary, žurnalistiň tekstiniň redaktirlenişi, gazet neşirleriniň žanrlary we başgalar barada maglumatlaryň ýerleşdirilmegi talyplaryň bu ugurdaky bilimlerini has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.
Gollanmanyň «Žurnalistika hakynda söz», «Tejribeli žurnalistlerimizden ýaşlara peýdaly maslahatlar» bölümleriniň, şeýle-de gollanmanyň awtorynyň metbugat çykyşlarynyň onlarçasynyň žanrlar toparlary boýunça bölünip berilmegi-de hünär kämilligi babatda ýaşlar üçin ähmiýetli bolup durýar.
