Turkmenportal logo
20.06.25
1468814688
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň günortasynda güýçli sil joşgunlary sebäpli 70 müň adam göçürildi
Surat: MIR 24

Hytaýyň günortasyndaky Guandu ülkesinde güýçli suw joşguny döredi. 70 müňden gowrak adam göçürildi, yzyny üzmän ýagan çabgalar sebäpli Sunszýan derýasy kenardan çykdy diýip, «MIR 24» habar berýär.


Netijede, 15 adam şikes aldy, köçeler we öýler suwuň astynda galdy. Bilim edaralarynda sapaklar ýatyryldy. Köp hyzmat edaralary işlemeýär, önümçilik togtady.


Halas edijiler her minutda kömek barada duýduryşlary kabul edýärler. Azyk we derman salnan gutular awtoulaglaryň baryp bilmeýändigi sebäpli, ejir çekenlere gaýyklarda eltilýär. Halas ediş işlerine tutuş Hytaýdan 10 müňden gowrak hünärmen gatnaşýar.


Sebitiň sil joşmasyndan çeken ýitgisi 6 million dollar bahalanýar.