Halas edijiler syýahatçy zenany Russiýanyň Magadan oblastynyň daglyk geçitlerinde 15 sagatlap gözlediler, ol bolsa şol wagt öýünde otyrdy. Täsin waka barada Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit ministrligi habar berdi diýip, «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.
Ýagny daga münüş wagtynda toparyň zenan agzalarynyň biri yza galyp başlapdyr. Beýleki jahankeşdeler ony şol ýerde galdyryp, soňra dolanyp geljekdiklerini aýdypdyrlar. Haçanda topar dolanyp gelende, zenan ol ýerde ýok ekeni. Toparyň agzalary ony hernäçe gözleseler-de tapyp bilmändirler.
«Gündiz «ýitig zenan» özbaşdak aragatnaşyga çykdy we özüniň ugurdaş awtoulagda öýüne aşandygyny, emma eltelefony açmagy hem-de Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine sag-aman öýüne gowşandygyny habar bermegi unudandygyny gürrüň berdi» diýlip, edaranyň «Telegram» - habarynda aýdylýar.
