Hindistan bilen Türkmenistan söwda gatnaşyklarynyň ösüşi üçin, hususan-da, çaý we beýleki azyk önümleriniň söwdasy boýunça uly mümkinçilikler bar. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat Aşgabatda geçirilen Hindistanyň çaý festiwalynda Türkmenportalyň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde belledi.
«Biziň ikitaraplaýyn söwdamyz gowy ösýär, muňa garamazdan şu ugurda, esasan hem çaý ýaly harytlary ibermek boýunça has-da uly mümkinçilikler bar» – diýip, diplomat nygtady. Ol geçen ýyl geçirilen mango we beýleki hindi önümleriniň festiwalyny ýatlamak bilen, Hindistanyň söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Ilçiniň sözlerine görä, festiwalyň esasy maksady türkmen işewürleriniň ünsüni Hindistanyň dürli görnüşli çaýlaryna çekmekdir. Bu çaýlar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň köp ýerinde meşhurdyr. «Bu ugurda uly mümkinçilikler bar. Biz Hindistanyň çaýynyň Türkmenistana getirilmegini üpjün etjek satyjylaryň sanynyň artmagyny isleýäris» - diýip, Bhagat nygtady.
Diplomat 5-6-njy iýunda geçirilen Merkezi Aziýa-Hindistan forumynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Bu çärä daşary işler ministrleri we işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. «Bu ikitaraplaýyn söwdany berkitmekde örän gowy ädim boldy» - diýip, ol belledi.
Ýatlatsak, duşenbe güni Aşgabatda Hindistanyň çaý festiwaly geçirildi. Ol meşhur Assam çaýynyň 200 ýyllygyna bagyşlanyp, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Myhmanlar hindi çaýynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdylar, milli aşhananyň tagamlaryndan dadyp gördüler we hindi tanslarynyň çykyşlaryndan lezzet aldylar.
