Turkmenportal logo
05.06.25
1806218062
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kanadadaky tokaý ýangynlarynda 400 öý ýandy
Surat: EurAsia Daily

Kanadanyň Saskaçewan ülkesinde dörän tokaý ýangynlary netijesinde 400-den gowrak ýaşaýyş öýi ýandy. Bu barada ýerli habar beriş serişdeleri ýazýarlar.


Ülkede 9 müňden hem köp adam öýlerini terk etmäge mejbur boldular. Ýerli häkimiýetler bu sanlaryň gutarnykly däldigini, golaý günlerde onuň 15 müňe ýetip biljekdigini habar berýärler. Ýurduň Albert we Manitoba ülkelerinde-de tokaý ýangynlary tutaşdy. Emma ýetirilen ýitgi barada heniz habar berilmeýär.


Üç ülkede hökman göçmek barada görkezmäni eýýäm 25 müňden gowrak adam aldy. Olary göçürmek üçin ähli güýçler, şol sanda harby-ulag awiasiýasy işleýär.