Turkmenportal logo
09.05.25
1937419374
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň biržasynda nebitgaz-himiýa we ýeňil senagat harytlary satyn alyndy

8-nji maýda Türkmenistanyň birža söwdalaşyklarynda daşarky, şeýle hem içerki bazarlarda geleşikler baglaşyldy. Owganystanly telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar, Gyrgyzystanyň wekilleri bolsa ýerli öndürijilerden nah ýüplügini satyn aldylar – diýip, TDHÇMB-niň saýty habar berýär.


Içerki bazarda türkmenistanly telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny üpjün etmek, şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak barada ylalaşyklar baglaşdylar.


Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 20 488 000,00 manada we 510 880,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan 6 geleşik baglaşyldy.