Turkmenportal logo
01.05.25
1712717127
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebinde Kolumbiýanyň ilçisi bile duşuşyk geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Isidro Arenas Neýra bilen duşuşyk geçirildi.



TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda habar berilmegine görä, onuň dowamynda ilçi bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde çykyş etdi.


Ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýola goýulan gatnaşyklar barada gürrüň berdi, şeýle hem talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.



Ýeri gelende ýatlatsak, 28-nji aprelde Kolumbiýanyň ilçisiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatlaryny gowşurandygyny habar beripdik.