Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, diplomata Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar barada özara pikir alşyldy.
Ilçi döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny belledi.