Turkmenportal logo
28.04.25
2336923369
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 29-njy aprelde halkara söwda we hyzmatlar sergi-ýarmarkasy açylar

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýy aralygynda Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasy geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler, onuň salgysy: Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143.


Guramaçylar Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini, işewür adamlary we ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergi-ýarmarka gatnaşmaga çagyrýar.


Serginiň iş wagty:


  • 29-njy aprel - 10:00-dan 18:00-a çenli
  • 30-njy aprel - 10:00-dan 18:00-a çenli
  • 1-nji maý - 10:00-dan 17:00-a çenli

Sergi-ýarmarka barada goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip, ýüz tutup bilersiňiz: 39-88-70, 39-88-84 (83) (82).