Turkmenportal logo
25.04.25
2107721077
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak bilen jemgyýetçiligi tanyşdyrdy
Surat: Lenta.ru

Hytaý Kosmonawtika güni bilen baglylykda, Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak nusgalarynyň jemgyýetçilik tanyşlygyny gurady. Ol Ýere geçen ýyl getirildi, HHR bolsa, Aýyň arka tarapynda «Çanýe-6» asman enjamyny gonduran we toprak alyp, Ýere getiren ilkinji ýurt boldy diýip, «rg.ru» ýazýar.


Topragyň nusgasy «Shanghai World Expo Center» sergi merkeziniň diwarlygynda goýuldy. Ol ýerde şeýle-de «Çanýe-5» tarapyndan 2020-nji ýylyň dekabrynda getitilen nugsalar bilen tanyşmak bolýar. Aýdan getirilen topragyň agramy 2 kilogram töweregi.


Munuň öňüsyrasy HHR-iň dolandyrylýan kosmos uçuşlary maksatnamasynyň edarasynyň başlygynyň orunbasary Lin Sisýan Hytaýyň Aýa dolandyrylýan uçuş saparyny amala aşyrmaga taýýarlanýandygyny habar beripdi. 2030-njy ýylda Aýa adamlary eltmek meýilleşdirilýär.