Turkmenportal logo
22.04.25
1765217652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Üçburç hatlar» konserti geçiriler

2-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň uly zalynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Üçburç hatlar» atly konsert geçiriler.


Konsertde belli türkmen solistleri we sazandalary, H.Eminowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň döwlet hory, 4-nji çagalar aýdym-saz mekdebiniň hory we K.Bäşimowyň kamera orkestri çykyş eder.


Konsert 18:30-da başlar.


Giriş ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.