Turkmenportal logo
11.04.25
1238812388
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saud Arabystanynda nebitiň we gazyň täze ýataklary açyldy
Surat: RIA Nowosti

Saud Arabystanynyň energetika ministri Şazada Abdulaziz Bin Salman Patyşalygyň Gündogar ülkesindäki Pub-el-Hali sährasynda nebitiň we gazyň täze ýataklarynyň 14-siniň açylandygyny yglan etdi.


Ministriň beýanatyna laýyklykda, ýurduň «Saudi Aramco» milli nebit kompaniýasy alty sany täze nebit ýatagyny we öňki bar bolan ýataklarda iki sany täze nebitli gatlaklary, şeýle hem iki sany täze gaz ýatagyny hem-de öň hereket edýän ýataklarda dört sany gazly gatlaklary tapdy. Bu barada Patyşalygyň «SPA» habarlar agentligi habar berdi.


Şazada Abdulaziz Bin Salmanyň sözlerine görä, bu açyşlar Patyşalykda ykdysady ösüş üçin täze gözýetimleri açýan, Patyşalygyň energiýa ýerli we ählumumy islegi geljek onýyllyklarda täsirli we durnukly üpjün etmäge mümkinçilik berýän baý uglewodorod gorlarynyň bardygyny görkezýär.