Turkmenportal logo
09.04.25
1255312553
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÜRKSOÝ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

2025-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly, 4-5-nji aprelde resmi açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy.



Duşuşykda TÜRKSOÝ bilen Türkmenistanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we türki dünýäsiniň umumy medeni mirasyny wagyz etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar we çäreler barada pikir alyşdylar.