Turkmenportal logo
07.04.25
1351513515
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaýyň polisiýasy jahankeşdeleriň münen howa şarynyň ýere gaçmagy bilen bagly beýanat berdi
Dubaýyň polisiýasy jahankeşdeleriň münen howa şarynyň ýere gaçmagy bilen bagly beýanat berdi
Surat: Absatz.media

Dubaýyň polisiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde howa şarynyň ýere gaçmagy sebäpli jahankeşdeleriň heläk bolandygy barada habary ýalana çykardy. Bu barada «rg.ru» ýazýar.


Öň metbugatda bu heläkçiligiň 23-nji martda bolandygy barada habarlar ýaýrapdy. Emma Dubaýyň polisiýasy heläkçilik netijesinde jahankeşdeleriň gurban bolmandygyny aýdýar. «Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýran habarlar galp we adamlary azaşdyrýar» diýlip, polisiýanyň habarynda aýdylýar. Ýagny ejir çekenler ýeňil şikes alanlar ýa-da ortaça agyrlykdaky şikes alanlardyr.


Derňew işleri başlandy, deslapky maglumatlara görä, howa şarynyň heläkçilige uçramagyna ýaramaz howa şertleri sebäp bolupdyr.