Turkmenportal logo
03.04.25
3574635746
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana iş sapary başlandy
Surat: uza.uz

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.


Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Bu barada TDH ýazýar.



Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentiň uçary Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.


Bu ýerde döwlet Baştutany resmi adamlar tarapyndan mähirli garşylandy.


Howa menzilinden hormatly Prezidentň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.