Turkmenportal logo
27.03.25
1762017620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tälimçilik okuwyna gatnaşjaklary kabul edýändigini yglan etdi
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tälimçilik okuwyna gatnaşjaklary kabul edýändigini yglan etdi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) 2025-nji ýylyň aprelinden maý aýyna çenli aralykda Aşgabatda geçiriljek tälimçilik okuwyna gatnaşjaklary kabul edýändigini yglan etdi. Okuw maksatnamasyny üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara tälimçileriň «C» derejeli ygtyýarnamasyny almaga mümkinçilik berer – diýip, Futbol federasiýasy habar berýär.


Okuwa gatnaşmak üçin TFF-nyň saýtynda berlen elektron salgylanma arkaly resminamalar toplumyny PDF görnüşde ibermek bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji apreline çenli resminamalary tabşyrmaly. Dalaşgärleriň arzalary gözden geçirilenden soň, TFF-nyň Tälimçiler bilim bölüminiň topary tarapyndan söhbetdeşlige çagyrylar.


Tälimçilik okuwyna gatnaşmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylaryň, şol sanda ýol harajaty, myhmanhanada ýaşamagy we iýmitlenmegi ýaly çykdajylary iberýän gurama tarapyndan ýa-da gatnaşyjylaryň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmalydygyny bellemelidiris.


Tälimçilik okuwyna gatnaşmak barada goşmaça maglumatlary we maslahat almak üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +993 65 90 6195.