Turkmenportal logo
26.03.25
1895018950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukaşenko Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ynam bildirdi

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady. Bu barada TDH habar berdi.


Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň gutlagynda şeýle diýilýär: «Sizi tebigatyň janlanmagynyň, röwşen geljege umyt-arzuwyň nyşany bolan ajaýyp Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklaryň ähli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.


Şu baýram günlerinde Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin».