Turkmenportal logo
e gov tm
12.03.25
2079620796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jeýms Kemeronyň aýaly täze «Awatara» tomaşa edenden soňra dört sagatlap aglady
Surat: Nicki Swift

Kanadaly kinorežissýor Jeýms Kemeron «Awatar. Alaw we kül» atly täze filminiň aýaly aktrisa Sýuzi Emis Kemerony aglamaga mejbur edendigini gürrüň berdi. Bu barada «Empire» žurnalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


«Awatar» filminiň üçünji bölümine hanym Kemeron geçen ýylyň aýagynda tomaşa edipdir. «Ol dört sagat aglady. Her näçe özüni ele aljak bolsa-da, başarman, ýene aglaýardy. Ahyrynda men oňa: «Ezizim, meniň ýatar wagtym boldy. Bagyşla, bu barada soň gürrüň edäýeris» diýdim» diýip, režissýor gülüp gürrüň berdi.


«Awatar. Alaw we kül» atly täze film 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda tomaşaçylara ýetiriler. Ýanwarda Kemeron täze «Awatar» filminiň tomaşaçylary haýran galdyrjakdygyny söz beripdi.

Maksatly Turkmen
turkmenpoçta post shop