Turkmenportal logo
12.03.25
1320913209
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň Prezidenti şu gün Gyrgyzystana döwlet sapary bilen barar
Surat: Turkic World

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Gyrgyzystana döwlet sapary bilen barar. Sapar 12-13-nji martda bolar diýip, Täjigistanyň Daşary işler ministrligine salgylanýan TASS habar berdi.


Habara görä, Emomali Rahmon we Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow täjik-gyrgyz gatnaşyklaryny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Iki lideriň duşuşygynyň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.