Turkmenportal logo
26.02.25
1742717427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Shell» suwuklandyrylan gazyň söwdasynyň 3 million tonna artandygyny habar berdi
Surat: Interfax.ru

2024-nji ýylda dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) söwdasynyň 407 million tonna deň bolandygy «Shell LNG Outlook 2025» ýyllyk hasabatynda aýdylýar. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.


Netijede, geçen ýylda STG-iň dünýä söwdasy bary-ýogy 3 million tonna artdy, bu soňky 10 ýylda iň pes görkezijidir diýip, britan-niderland kompaniýasynyň hünärmenleri belleýärler.


Ösüşe has-da Hytaý uly goşant goşdy (6 mln tonnadan gowrak). Hindistan (4 mln tonnadan gowrak), Müsür, Günorta Koreýa, Braziliýa goşant goşdy. Ýewropa inporty görnetin azaltdy.


«Shell» kompaniýasynyň bilermenleri uzak möhletleýin geljekde STG-a dünýäde islegiň artjakdygyny çaklaýarlar.