Turkmenportal logo
14.02.25
1179811798
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Honda» we «Nissan» goşulyşmakdan ýüz öwürdiler
Surat: Bloomberg HT

Ýaponiýanyň «Honda Motor» we «Nissan Motor» awtoulag öndürijileri goşulyşmak barada gepleşikleri bes etmek kararyna geldiler. Bu barada kompaniýalaryň habaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.


Öň bu kompaniýalar bilelikdäki holding kompaniýasyny döretmegi maksat edinýärdiler, onuň direktorlar geňeşinde «Honda» köp orny eýelemelidi.


Indi «Honda» we «Nissan» «intellekt we elektrik ulaglary eýýamyny nazarlaýan» strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmekçi bolýarlar.


«Honda», «Nissan» we «Mitsubishi Motors» kompaniýalarynyň arasynda özara düşünişmek baradaky memorandum hem ýatyryldy diýlip, habarda aýdylýar.