Turkmenportal logo
03.02.25
9126591265
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystana resmi sapar bilen bardy
Surat: mfa.kz

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow gazak kärdeşi Murat Nurtleu bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin Gazagystana resmi sapar bilen bardy. Bu barada Gazagystanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.


Duşuşykda taraplar çäkli we giňeldilen düzümlerde türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.