Turkmenportal logo
28.01.25
1323913239
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurduň tikinçi zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry jemlendi.


Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda guralan şowhunly çärä edara-kärhanalarda zähmet çekýän, tikinçilik bilen meşgullanýan çeper elli zenanlar gatnaşyp, hünär başarnyklaryny görkezdiler.


Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar milli lybaslaryň özboluşly aýratynlyklary barada täsirli gürrüň berdiler. Köýnek biçmekde we tikmekde ussatlygyny görkezdiler hem-de şol lybasyň aýratynlygyny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Netijede Kaka etrabyndan Bagtygül Abdykerimowa, Ak bugdaý etrabyndan Gülşat Owganowa, Gökdepe etrabyndan Aýjeren Paşşyýewa dagy ýeňiji bolmagy başardylar.